Salgytlar we salgyt salmak

126

Salgytlar we salgyt salmak kafedrasynda, esasan, ýurdumyzyň salgyt ulgamy üçin ýokary bilimli hünärmenler we bakalawrlar taýýarlanyp, olara «Mikroykdysadyýet», «Makroykdysadyýet», «Salgytlar we salgyt salmak nazaryýeti», «Salgytlar we salgyt salmak», «Daşary döwletleriň salgyt ulgamlary», «Menejment», «Salgyt menejmenti», «Salgytlar boýunça hasap we hasabat» we beýleki dersler boýunça düýpli bilimler berilýär..

Kafedrada ýokary derejeli mugallymlar işleýärler. Olar okuw-usulyýet, tejribe hem-de ylmy-barlag işlerini alyp barýarlar. Bu kafedranyň mugallymlarynyň awtorlygynda «Makroykdysadyýetde matematiki modeller» okuw kitaby, «Mikroykdysadyýet dersi boýunça meseleleriň we testleriň ýygyndysy» okuw gollanmasy çap edildi.

Kafedrada Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda döwlet belligine alnan «Salgyt ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy» ylmy tema boýunça ylmy-barlag işi ýerine ýetirilýär. Ylmy temanyň netijeleri boýunça ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň döwürleýin neşirlerinde ylmy makalalar yzygiderli çap edilýär.

Mugallymlar we talyplar dürli derejelerde geçirilýän ders we ylmy işleriň taslama bäsleşiklerine işjeň gatnaşýarlar. Kafedrada «Ýaş salgytçylar» ylmy gurnagy hereket edýär. Kafedra etrap we şäher salgyt bölümleri bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýar.


Paýlaş

Maliýe

Salgytlar we salgyt salmak kafedrasynda, esasan, ýurdumyzyň salgyt ulgamy üçin ýokary bilimli hü [...]

Ykdysady nazaryýet

Salgytlar we salgyt salmak kafedrasynda, esasan, ýurdumyzyň salgyt ulgamy üçin ýokary bilimli hü [...]

Bank işi

Salgytlar we salgyt salmak kafedrasynda, esasan, ýurdumyzyň salgyt ulgamy üçin ýokary bilimli hü [...]

Ýokary matematika

Salgytlar we salgyt salmak kafedrasynda, esasan, ýurdumyzyň salgyt ulgamy üçin ýokary bilimli hü [...]

Bedenterbiýe

Salgytlar we salgyt salmak kafedrasynda, esasan, ýurdumyzyň salgyt ulgamy üçin ýokary bilimli hü [...]

Salgymyz:

744027, Aşgabat ş., 1987 köç. (Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly), 112.
744027, г. Aшхабад,  1987 (проспект Героя Туркменистана Атамурада Ниязова), 112.
744027, 112, 1987 str. (Hero of Turkmenistan Atamyrat Nyyazov ave.), Ashgabat c.
Fax: +993 12 496299

Telefon belgiler:
+993 12 496309